Gyzlar bilen gürrüňdeşlik etmek kyn däl. Esasan, siz o bilen tanyş bolsaňyz. Emma, onuň ünsini çekmek - ençe kyn wezipe. Köpçülige bu eläçsiz bolup görünýär. Bu gün eläçsiz zady ýeňil çözülýän işe aýlandyrýarys! Siz oňa jaň etmegiňiz we habarlar ugratmagyňyz mümkin. Belki, açaçan oňa dertdeşlik edip, penagärlik edip, duşuşyga teklip etmegiňiz mümkin, ha:tda gymmat baha sowgatlary hem bermegiňiz mümkin. Köplenç şeýle bolýar, siz ha:tda bar ünsiňizi oňa garadyp, mydam ol hakda oýlaýaňyz, emma o barybir sizi çynlakaý kabul etmeýär. Näme etmäň ol barybir sizi ýigidi diýip hasaplamaýar. Onsoň? Nädip gyzlaryň ünsini gazanmagymyz mümkin? Ýigitleriň esasy meselesi şunda olar gyzy perişde diýip bilýärler. Olar şeýle oýlaýar: Ol gyz meniň derejäm däl, onuň ünsini gazanmagym üçin oňa arzyýan bir zatlar etmegim gerek! Aslynda onuň nazaryna düşmek üçin bir zady ýatlap galmagyňyz gerek bolany: Sizler bir hili derejede sizler! Şert däl, onuň gözünde özüňizi romantik ýa-da başgaça görkezip, onuň üçin aýy alyp düşmegiňiz. Gowysy aşakdaky 5 maslahata amal ediň!
1. Oňa köp üns bermäň.
Gyz size öz ünsini garatmak üçin siz oňa biperwaý ekenligiňizi görkezip bilmegiňiz gerek :) Näme üçin? Sebäbi, ähli güýçli jyns eýeleri garama - garşy jyns wekillerine uly üns berýärler. Haçanda olar geplände hemme erkekler olary eşidip durýarlar. Olardan nazaryny üzip bilmeýärler. Siz onuň tersini ediň! Gyz nämedir edende ýa-da gepläp duran wagtynda hemme ony dykgat bilen diňleýän bir wagtda siz oňa üns bermäň. Öz işiňizi etmekde dowam ediberiň. Bu iş berýär! Birden däl-de, emma iş berjegi anyk! Eger ol gülkili gep aýtsa we hemme onuň gepine gülip başlasa, siz ümsim agras bolup otyryberiň. Gysgasyny aýdanda, ýanyňyzdakylardan saýlanyp duruň! Ony bütinleý mensimezligem bolmaýar. Arasynda ol bilen gepleşip durmak hem mümkin. Emma ol siziň ünsiňizi kiçi dozalarda kabul etmegi gerek.
2. Social Proof
Ol sizi daş-töwregiňizdäkilerden hormat edişiňizi we pikirleriňiz bilen hasaplaşyşyny görüp bilmegi gerek. Kollektiwdäki söhbetlerde işeňňir gatnaşyk ediň we temany özüňize gerekli tarapa öwürip, degişip duruň. Eger siz şeýle etmäni bilseňiz, ajaýyp! Siziň kollektiwiňizdäki hemme gyzlar siz bilen duşuşuga taýýar ( Siz häzire çenli bu hakda bilmänmidiňiz? ;) ).. Eger siz hijem öňde baryjy bolmadyk bolsaňyz, özüňizi ösdürmäge synanyp görüň. Hiç bolmasa ol size garap duran wagtlarynda şeýle etmäge hereket ediň. :).
3. Ynam we güýç
Siz hiç hili ýol bilen kollektiw bilen aragatnaşyk goýup bilmezligiňiz mümkin. Belki, başga liderler siziň abraýyňyza şek ýetirmäge hereket etmekleri mümkin. Bu ýagdaýda diňe iki ýol bar. Birinji ýol: Soňuna çenli göreşmek we başgalaryň siziň üstiňizden gülmezliklerini gazanmak. Bu ýol sizden biperwaýlygy we ähli zat bilen töwekkel etmegi talap edýär. Ikinji ýol: Olaryň hemme urgularyna ynam bilen jogap bermek. Eger olar muny dowam etdirseler, siz ýene-de gaty we ýakymsyz edip jogap gaýtarmagyňyz gerek bolýar. Şeýle ýoly saýlaň şonda şol adamlar size kemräk gaýtargy bildirsin. Emma, öz pikiriňizden uzaklaşmaň. Ynanyň, gyzlar mydama sizi synlaýar. Eger kimidir sizden üstünligini görkezip bilse, şol ynsan oňa sizden görä köpräk ýokup başlaýar.
4. Siz onda oýarýan duýgular
Gyz size üns bermegi üçin özüňizi şeýle alyp baryň,siz oňa gyzykly we guwançly boluň. Ol şuny düşünmegi gerekdir siz - gyzykly, syrly siz we gyzlara ýokýarsyňyz. Munuň üçin siz näme edip bilýäňiz? Oňa ýakynlaşyň we bir nä adaty sorag beriň. Mysal üçin: "Maňa seret, ýaňy maňa bir gyz dostlaşmagy teklip etdi. Sen aýal we erkek arasyndaky dostluga ynanýaňmy?". Bu sorag size garama garşy jyns wekilleri tarapyndan talap güýçli ekenligini görkezýär. Iň möhümi siz oňa gepleşmek we jenjelleşmek gyzykly bolýan temany teklip etseňiz. Ýene bir ýol. Siz onuň kemçiliklerinden gülmegiňiz mümkin. Diňe, haçan? Haçanda onuň özi size bir kemçiliginden nalanynda. Bu wagtda başga "amatsyzlar" ony goldamaga hereket edýärler. Emma, siz "amatsyz" dälsiňiz! Ana şeýle pursatda onuň pikirine goşulýanyňyzy aýtýaňyz. Bu onda örän pozitiw reaksiýalary ýüze getirýär. (Negatiwinden bolsa siz gorkmaga mejbur dälsiz ;) . ) we ahyr soňy, siziň esasy kartaňyz - Syrlylyk. Haçan hemmä sizden anyk işi etmegiňizi garaşýan bir wagtda siz başgaça ýol tutýaňyz. Möhümi - bu onuň nazarynda siziň görmegeýligiňize täsir etmezligi gerek.
5. Onuň garmaklaryna düşmäň!
Siz oňa mähribanlygyňyzy hemişe görkezip dursaňyz, onuň isleýänlerini şo wagt berjaý etseňiz ol bütunleý özüniňki diýip hasaplaýar we size bolan gyzyklanmasy ýitýär. Köplenç onuň özi size gyzyklanma bildirip durmagy mümkin, özüniň nobatdaky garmaklaryny. Size sms ýazmagy, sesli habarlar galdyrmagy mümkin. Eger-de siz oňa şol wagt jogap gaýtaryp dursaňyz ol şuny düşinip ýetýärki : Üşgülewik çalsaň bes, siz onuň ýanynda bolýaňyz. Bu meseläniň jogaby ýönekeý: Onuň smslerine şowagt jogap bermek şert däl. Esasanda, olar "Gowmysyňyz", "Işleriňiz oňatmy" ýaly bolsa. Bulara umuman jogap bermeseň hem bolýar. Birazdan soň ol bilen gepleşmäni başlamagyňyz mümkin. Emma köp däl. Oňa hemişe kem ýaly duýulmagy üçin. Şonda ol siziň ünsiňizi gadyrlap başlaýar. Möhümi siz ondan el geçip kitmegiňiz mümkinligini düşinip durýar. Sebäbi daş-töwregiňizde - näçe owadan gyzlar bar!
Taýýarlan : Wowboy
Sahypa: wwwGadyrdan.lark.ru

Подпись автора

http://gadyrdan.lark.ru/gadyrdanfm.apk ýokarky salgy arkaly siz saýdymyzyň android programmasyny ýükläp bilýäňiz!